Margo Robbi “Barbiniň” üstünliginden $50 mln töweregi gazanar

  • 18.08.2023 16:37
  • 14k+

Margo Robbi “Barbi” filminiň girdeji ýygymyndan gonorar we göterim görnüşinde, takmynan, 50 mln dollar gazanar. Ol bu filmde baş keşbi ýerine ýetirdi. Bu barada “Variety” neşiri habar berýär diýip, forbes.kz belleýär.

Robbi filmde Barbiniň keşbini oýnamakdan başga-da, bu lentanyň prodýuseri bolup çykyş etdi. Ol 2014-nji ýylda adamsy Tom Akerli we dostlary Jozi Maknamara hem-de Sofiýa Kerr bilen bilelikde esaslandyran LuckyChap Entertainment kompaniýasy arkaly “Barbi” filmine prodýuserlik etdi. Neşiriň belleýşi ýaly, filmiň üstünlikli girdeji ýygymyndan bonusy “Barbiniň” režissýory we ssenariýasynyň awtordaşy Greta Gerwig hem alar.
“Barbi” filminiň dünýä prokaty 21-nji iýulda başlady. Kartina ilkinji gezek hakyky dünýä bilen ýüzbe-ýüz bolan Mattel kompaniýasynyň meşhur gurjagynyň durmuşy barada gürrüň berýär. Margo Robbiden we Raýan Goslingden başga-da, filmde Simu Lýu, Emma Maki, Uill Ferrell we beýlekiler peýda bolýar. Premýerasyndan bäri “Barbi” dünýä prokatynda 1,18 mlrd dollardan gowrak girdeji gazandy. Bu Warner Bros. kompaniýasynyň taryhynda ikinji iň girdejili reliz we zenan režissýor tarapyndan surata düşürilen iň girdejili filmdir.

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....