Apple köne iPhone-laryň tizligini peseldenligi üçin onuň eýelerine öwez tölegini tölär

  • 17.08.2023 11:30
  • 12k+

2017-nji ýyldan bäri dowam eden Apple kompaniýasy bilen bagly kazyýet işi ahyrynda tamamlanmaga ýakynlady. Indi Apple zyýan çekenlere kompensasiýa tölär diýip, tengrinews.kz habar berýär.

Köne iPhone smartfonlarynyň eýeleriniň toparlaýyn şikaýaty boýunça kazyýet işi alty ýyl dowam etdi. Işiň materialynda Apple kompaniýasynyň iOS 10-yň relizinden soň öňki nesilleriň gurluşlarynyň işini bilkastlaýyn haýalladandygy we şeýlelik bilen, olaryň eýelerini has täze modelleri satyn almaga höweslendirendigi bellenilýär. Ýöne müşderiler mundan bihabardy.
Prosesiň dowamynda gurluşlaryň öndürijiliginiň gizlin peseldilmegi taryhda sarp edijilere garşy iň uly kezzapçylyklaryň biri diýlip atlandyryldy. Şeýlelikde, kompaniýa bu hereketiň netijesinde zyýan çeken adamlara 500 mln dollara çenli tölemäge razy boldy. Bu kompensasiýany, takmynan, üç million iPhone 6, 6 Plus, 6s, 6s Plus, 7, 7 Plus we iPhone SE smartfonlarynyň eýeleri 2020-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli töleg almak üçin ýüz tutan bolsalar alyp bilerler.
Şeýle-de, Apple kazyýet işinden soň könelen akkumulýatorly gurluşlary ulanyjylara saýlamak mümkinçiligini hödürledi. Olar ýa-ha öndürijiligiň peselmegine razy bolup, ýöne batareýanyň uzak wagtlap işlemegine ynam edip bilýärler, ýa-da haýalladylmadan ýüz öwrüp bilýärler.
Täze modellerde bu funksiýany dolandyryp bolýar. Ony sazlamalar menýusynyň “Akkumulýatoryň ýagdaýy” bölüminden öçürmek we ýakmak bolar.


düýn 16:33
2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...