OnePlus 1 TB ýady bolan arzan flagman smartfonyny çykardy

  • 17.08.2023 08:49
  • 9.2k+

«OnePlus» kompaniýasy kuwwatly demir gabarasy we rekord mukdarda ýady bolan «Ace 2 Pro» atly sublagman smartfonyny tanyşdyrdy.

Smartfon 1,5K durulykly we täzeleniş ýygylygy 120 Hz bolan 6,74 dýuýmlyk BOE Q9 + AMOLED ekrany bilen üpjün edildi. Şeýle hem giňişlik-impuls modulýasiýasynyň ýygylygy 2160 Hz we iň ýokary ýagtylygy 1600 nit bolar. «Ace 2 Pro-nyň» displeýinde şekiliň hilini gowulandyrmak, şeýle hem ýagyşda datçigiň duýgurlygyny ýokarlandyrmak üçin ýörite «Pixelworks X7» çipi ornaşdyryldy. Emma öndüriji enjamyň suwdan goraglylyk derejesini aýdyňlaşdyrmady.
«OnePlus Ace 2 Pro» «Qualcomm-yň» «Snapdragon 8 Gen 2» flagman çipi, iň ýokary modifikasiýasynda 24 GB operatiw ýat 1 TB çenli goşmaça ýat bilen üpjün edilendir.
Enjamyň kamera bölümi üç sensor bilen hödürlenýär: optiki şekil stabilizasiýasy bolan 50 MP-lik esasy Sony IMX890 kamerasy, 8 megapiksellik ultra giň burçly obýektiw we 2 Mp durulykly çuňluk sensory. Frontal kamerasy bolsa 16 megapiksel durulykdadyr.
5000mAs sygymly akkumulýatory bolup, ol 150 Wt çalt zarýad beriji bilen üpjün edilýär. «OnePlus Ace 2 Pro-da» hem «OnePlus 11» flagmanynda bolşy ýaly, stereodinamikler, NFC moduly, ses tertibini üýtgedijiler we güýçli yrgyldy motory ornaşdyryldy.
Täze smartfon ýaşyl we çal reňklerde, şeýle hem «Genshin Impact» oýnunyň muşdaklary üçin ýörite şekilde elýeterlidir.

düýn 20:25
5k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
6.2k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
4.9k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
2.1k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......