Madonna sahna dolanýar

  • 17.08.2023 08:43
  • 14k+

Amerikaly aýdymçy Madonna bakterial infeksiýa sebäpli hassahana ýerleşdirilmeginden we reanimasiýada birnäçe gün geçirmeginden soňra konsert çärelerini dowam etdirmekçidigi hakynda aýtdy. Bu barada «People» neşiri habar berýär.

Ýyldyzyň kesellemegi sebäpli yza süýşürilen «Celebration» atly gezelenç çykyşlary 14-nji oktýabrda başlanar. Aýdymçynyň çykyş etjek ilkinji şäheri London bolar. Ol Beýik Britaniýanyň ýene üç şäherinde konsert berer, şondan soň beýleki Ýewropa ýurtlaryna: Belgiýa, Daniýa, Şwesiýa, Ispaniýa, Portugaliýa, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa we Niderlandlara gider. 13-nji dekabrda Madonna Bruklinde konsert berer, şondan soň ABŞ-nyň demirgazyk bölegine gezelenç çykyşlaryny dowam etdirer.
28-nji iýunda aýdymçynyň huşsuz ýagdaýda tapylandygy we keselhana ýerleşdirilendigi habar berildi. Onda bakterial infeksiýa döräp, estrada ýyldyzy intensiw bejeriş bölüminde birnäçe gün geçirmäge mejbur boldy.

şu gün 12:08
346

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin dört sany MoonFall dronyny uçurmagy meýilleşdirýär

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin MoonFall taslamasynyň çäginde dronlary ulanmagy göz öňünde tutýar. Bu başlangyç täzelenen Artemis maksatnamasynyň bir bölegi bolup, ony razwedka etmek, ylmy barlaglar......

şu gün 11:20
471

35 mln dollar: Renuaryň «Siren gülli zenan» eseri 97 ýyldan soň bäsleşikli söwdada

«Christie’s» bäsleşikli söwda öýi 18-nji maýda Pýer-Ogýust Renuaryň «Siren gülli zenan» («Женщина с сиренью») atly suratyny 25-35 million dollarlyk bahasy bilen satlyga çykarar. Eser 97 ýyldan bäri ilkinji......

şu gün 11:14
617

Aşgabatda Türkmenistanyň we Seýşeller Respublikasynyň DIM-leriniň ýolbaşçylary duşuşdy

29-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurdumyza ilkinji resmi sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri For bilen duşuşygy......

şu gün 11:01
2k+

ABŞ-nyň 250 ýyllygy mynasybetli Trampyň portreti şekillendirilen pasportlary çykarmak meýilleşdirilýär

ABŞ-nyň Döwlet departamenti prezident Donald Trampyň suraty şekillendirilen çäkli nusgadaky pasportlary çykarmaga taýýarlanýar. Fox News-yň habar bermegine görä, bu goýberiş ýurduň 250 ýyllygyna gabatlanýar....