Russiýada «Ulaglar» multfilminiň «Kopeýka» atly özbaşdak nusgasy çykar

  • 17.08.2023 08:38
  • 9.2k+

Russiýada «Pixar» studiýasyndan «Ulaglar» multfilminiň «Kopeýka» atly milli görnüşi surata düşüriler. Bu barada lenta.ru habar berýär.

Mälim bolmagyna görä, bu taslama «Grom» film kompaniýasy tarapyndan hödürlendi. Animasiýa filminiň sýužetinde awtoulaglaryň dünýäsi barada gürrüň berilýär, onuň baş gahrymany bolsa rus öndürijileriniň awtoulaglarydyr. Dost awtoulaglaryň başdan geçirmeleri diňe bir Russiýada däl, Hytaýda, Hindistanda we arap ýurtlarynda-da bolup geçýär.
Filmi döredijiler rus syýasatçylaryny taslamanyň kiçi keşplerine çekmek isleýändiklerini hem bellediler. Olaryň bellemeklerine görä, köp sanly syýasy işgär taslama gatnaşmaga razy boldy.
«Ulaglar» filmi 2006-njy ýylda ýaýlyma çykdy we prokatda, takmynan, 462 million ABŞ dollaryny ýygnady. 2011-nji ýylda filmiň ikinji bölümi çykdy,ol takmynan, 560 million dollar gazandy.


03.06.2026 18:04
2.4k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

29.05.2026 15:22
9.7k+

Sankt-Peterburgda meýletinçiler 27 müňden gowrak gurlawugy we gurbagany ýoldan geçirdiler

Sankt-Peterburgda "Amfibiýalara ýol beriň!" kampaniýasy geçirildi, onuň dowamynda meýletinçiler möwsümleýin göçýän döwürlerinde 27 289 gurlawuga we gurbaga gatnawly awtoulag ýolundan geçmäge kömek etdiler. Bu......

28.05.2026 12:25
1.8k+

Aýwazowskiniň "Dokuzynjy gom" eseri ilkinji gezek doly restawrasiýadan geçiriler  

Iwan Aýwazowskiniň Rus muzeýiniň ýygyndysyndaky meşhur "Dokuzynjy gom" kartinasy ilkinji gezek doly restawrasiýa ediler diýip, muzeýiň metbugat gullugy habar berdi....

25.05.2026 17:12
6.7k+

Russiýaly paraalpinist Nabiýew Eweresti elleri bilen boýun egdiren dünýäde ilkinji adam boldy

Ufaly (RF) paraalpinist Rustam Nabiýew Ewereste diňe elleri bilen dyrmaşyp çykan dünýäde ilkinji adam boldy. Ol 20-nji maýda Nepal wagty bilen sagat 8:16-da çür depä ýetdi....