Ýaponiýada iş ýeriňde dik duran ýeriňde uklamaga mümkinçilik berýän gurluş oýlanyp tapyldy

  • 16.08.2023 23:32
  • 27k+

Ýaponiýanyň inženerleri ofis işgärleriniň dik duran ýerinde ymyzganyp bilýän ýörite kapsulasyny oýlap tapdylar  Kapsula "žiraf" sözi bilen sazlaşýan at aldy – bu goşa toýnakly haýwanlar, esasan, gijelerine dik ýagdaýda dynç alýarlar.

Kapsula şkafa ýa-da telefon kabinasyna meňzeýär. Şeýle-de bolsa onuň içinde bedeniň agramyny goldaýan we daşardan gelýän sesi gapýan ýörite platformalar bar.
Kapsula iki reňkde - futuristik "älem" we "tokaý" görnüşinde görkezilýär. Ol elektrik ýelpewaç, ýangyn söndüriji, tüsse detektory, petik we pol yşyklandyryşy we eşik asar ýaly çeňňekler bilen enjamlaşdyrylandyr. Şol bir wagtyň özünde petik aýrylýar – bu dynç alynýan wagty açyk howadan dem almak üçin edilýär.
Öndüriji täze önümini Hokkaýdoda çykarar. Bu şäherde stoluň başynda uklamak adaty zat. Kompaniýanyň sözlerine görä, bu oýlap tapyş "işewürligi we saglygy goraýyşy ösdürmäge" mümkinçilik berer.

 


18.06.2026 22:13
5.1k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

04.06.2026 11:45
2.4k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.4k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 10:18
9k+

Ýaponiýada 1200 ýyllap ýanyp duran «Ebedi ot» ybadathanasyny ot aldy

Ýaponiýanyň Miýadzima adasynda ýüze çykan uly ýangyn netijesinde 806-njy ýyldan bäri (1200 ýyldan gowrak wagt) dowamly ýanyp duran ebedi ody öz içinde saklaýan meşhur «Reýkado» ybadathanasy doly ýanyp, kül......