Xiaomi täze aerogrilini hödürledi

  • 16.08.2023 14:50
  • 6.9k+

Xiaomi çanagy ulaldylan we kuwwaty artdyrylan Xiaomi Mijia Air Fryer 5.5L aerogrilini hödürledi. Bir ýyl ozal 4 litrlik çanakdan ybarat bir görnüşi çykypdy, täze görnüşiniň çanagynyň göwrümi bolsa 5,5 litr.

Xiaomi Mijia Air Fryer 5.5L aerogrili nahar bişirilişine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýän 6,8 dýuýmlyk penjire bilen enjamlaşdyrylandyr. Enjam ýagyny netijeli aýyrmak ýaly aýratynlyklary goldaýar, şonda iýmiti agdaryp durmagyň zerurlygy ýok. 12 dürli nahar bişirmegiň ýazgysy, pes temperaturaly ereýiş we bişirip başlamagy 24 sagada çenli gijikdirmek göz öňünde tutulan.
Täze aerogril naharyň taýýar boluş derejesini yzarlamagy aňsatlaşdyrmak üçin içerki elektron temperatura gözegçilik tehnologiýasyny aldy.
Aerogril 1500 Wt güýji bolan infragyzyl ýyladyşy ulanýar we temperatura 40-dan 220° C aralygynda saýlanyp bilner. Işläp düzüjiler towuk ganatlarynyň 10 minutda taýýar boljakdygyny aýdýarlar.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...