GDA ýurtlarynyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVI forumy 12-13-nji sentýabrda Bişkekde geçiriler

  • 16.08.2023 08:50
  • 3.6k+

GDA agza ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVI forumy 12-13-nji sentýabr aralygynda Bişkekde geçiriler. Arkalaşygyň ýurtlaryndan 200-den gowrak delegat oňa gatnaşmak üçin Gyrgyzystanyň paýtagtyna geler. Bu barada GDA agza ýurtlaryň Ynsanperwer hyzmatdaşlygyň döwletara gaznasynyň web sahypasynda habar berildi.

Forumyň temasy - "Medeniýetleriň özara täsiri arkaly - arkalaşyga we parahatçylyga tarap". Umumy mejlislerde we ýöriteleşdirilen bölümlerde alymlar, mugallymlar we sungat işgärleri bilimde hyzmatdaşlygyň täze formatlaryny, meýletinçilik hereketiniň çäginde ýaşlaryň başlangyçlaryny we medeniýetler arasyndaky gepleşikleri ara alyp maslahatlaşarlar.
Merkezi panel çekişmesi milletara aragatnaşygyň serişdesi hökmünde Rus diliniň ýyly diýlip yglan edilen, GDA-nyň 2023-nji ýyldaky esasy mowzugyna bagyşlanar.
Forumda GDA-nyň döwletara baýraklary bolan "Arkalaşygyň ýyldyzlary" we "Ilkinjileriň arkalaşygy" baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy, şeýle hem GDA-nyň ýaşlar simfoniki orkestriniň çykyşy bolar.
Forumyň çäginde ilkinji gezek GDA-nyň Döwlet maglumat agentlikleriniň baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi we GDA-nyň teatrlar birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň tegelek stoly geçiriler.
Döredijilik we ylmy intelligensiýanyň forumlary Arkalaşygyň giňişliginde ýylyň esasy gumanitar wakasydyr. Olar GDA ýurtlarynyň paýtagtlarynda gezekli-gezegine geçirilýär.
2012-nji we 2019-njy ýyllarda Aşgabat Döredijilik we ylmy intelligensiýanyň forumyny iki gezek geçirdi.


04.06.2026 00:36
3.6k+

Merkezi Aziýada ilkinji: Yssyk-kölde seýrek duş gelýän haýwanlary dikeldiş merkezi gurulýar

Yssyk-köl döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde «Ak Ilbirs» ylmy-gözleg we dikeldiş merkeziniň gurluşyk işleri alnyp barylýar. Bu barada Gyrgyzystanyň Tebigy serişdeler, ekologiýa we tehniki gözegçilik......

23.05.2026 19:54
2.8k+

Minsk we Karaganda GDA-nyň Ýaşlar paýtagty bolar

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti öňümizdäki iki ýyl üçin Arkalaşygyň Ýaşlar paýtagtlaryny kesgitledi. Bu dereje 2027-nji ýylda Minsk şäherine (Belarusuň paýtagty), 2028-nji ýylda bolsa Karaganda şäherine......

05.04.2026 22:37
8.1k+

Gyrgyzystanyň daglarynda bir höwesjeň seýrek duş gelýän garaguşuň höwürtgesini tapdy

Günorta Gyrgyzystanyň daglarynda tebigaty söýüji bir adam seýrek duş gelýän guşuň - garaguşuň höwürtgesini tapdy....

02.02.2026 02:10
1.9k+

Täze «Turkic World» halkara portaly Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky çärelerini giňden şöhlelendirer

«Turkic World» atly halkara habarlar internet portaly Türkmenistanda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleri ulgamlaýyn esasda maglumat taýdan şöhlelendirer...