“Missiýany ýerine ýetirmek mümkin däl 7” prokatda $522 mln ýygnady – film harajaty ödemän biler

  • 15.08.2023 23:35
  • 17k+

Prokatyň bäşinji hepdesiniň jemi boýunça “Missiýany ýerine ýetirmek mümkin däl 7” filminiň girdeji ýygymy 522,4 mln dollara ýetdi. Bu “Oppengeýmer” we “Barbi” ýaly bäsdeşleri göz öňünde tutsaň, seriýa üçin ýaramaz netije däl, ýöne studiýanyň we Tom Kruzyň garaşanyndan has pesdir diýip, championat.com belleýär.

“Ölümli ar alyş, Bölüm 1” pandemiýa döwründäki surata düşürmeler we önümçilikdäki köp sanly gijikdirmeler sebäpli taryhda iň gymmat filmleriň biri boldy. Analitikleriň hasaby boýunça, kartinanyň döredilmegine, takmynan, 291 mln dollar sarp edildi. Eger kinoteatrlaryň petekleriň satuwyndan gazanylan girdejiniň azyndan ýarysyny alýandygyny göz öňünde tutsaň, onda lenta prokatda harajaty ödemän-de biler.

Şeýlelik bilen, “Missiýany ýerine ýetirmek mümkin däl 7” filmine kinoteatrlarda önümçilige sarp edilen çykdajyny gaýtaryp almak üçin, takmynan, 650 mln dollar ýygnamak gerek. Ýöne girdeji ýygymynyň azalmagyny göz öňünde tutsaň, film Paramount Pictures üçin ýitgili bolup biler.

düýn 20:25
5.1k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
6.2k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
4.9k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
2.1k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......