Özbegistanda koronawirusy ýok edýän süýt öndürilip başlandy

  • 15.08.2023 16:53
  • 20k+

Özbegistanyň demirgazyk-günbataryndaky Nukus şäherinde ýerleşýän «Panaev Farms» kompaniýasy koronawirusy ýok edýän süýt önümçiligini ýola goýdy diýip, lenta.ru ýurduň Ýokary bilim, ylym we innowasiýalar ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

Bu tehnologiýanyň üstündäki işler 2021-nji ýylda başlanypdy. Taslamany Özbegistanyň Innowasion ösüş agentligi Wena lukmançylyk uniwersiteti bilen bilelikde alyp bardy. Alymlar «Panaev Farms» kompaniýasynyň sygyrlaryna we geçilerine SARS-CoV-2-ä garşy «ZF-UZ-VAC2001» rekombinant özbek-hytaý sanjymyny etdiler. Soňky barlaglar sygyrlara ikinji sanjym edilenden 14 gün soň olaryň süýdünde wirusa garşy antibedenjikleriň emele gelip başlandygyny görkezdi.
Soňra pasterizirlenen süýt öndürmek boýunça synaglar geçirildi. Hünärmenler pasterizirleme işleri geçirilende süýt 62,5 gradusa çenli ýarym sagatlap gyzdyrylsa, onuň wirusa garşy häsiýetleriniň saklanyp galýandygyny ýüze çykardylar. Kompaniýa süýtden başga-da, beýleki immun süýt önümlerini öndürmegi meýilleşdirýär.


düýn 20:31
2.6k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.8k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......