Xiaomi Band 8 Pro “akylly” sagatlaryny hödürledi

  • 15.08.2023 11:18
  • 7.9k+

Xiaomi kompaniýasy tanyşdyryş dabarasynda Redmi K60 Ultra smartfonyndan we Xiaomi Pad 6 Max planşetinden başga-da, Band 8 Pro “akylly” sagatlaryny hödürledi.

Bu gurluş 1,74 dýuým ölçegli ulaldylan AMOLED displeýine eýe boldy, bu Band 7 Pro-dan 0,1 dýuým uludyr. Displeýiň durulygy 480x336 piksele barabar.
Gajetiň goşmaça zarýad bermezden iş wagty hem artdyryldy, indi gurluş 12 gün däl-de, 14 gün zarýad bermezden işläp bilýär. Eger Always-on Display funksiýasyny işjeňleşdirseň (displeý öçürilende ekranda zerur maglumatlary yzygiderli görkezmek), onda fitnes-bilezik akkumulýatoryň bir zarýadynda alty güne çenli işläp biler.
Şeýle-de, Xiaomi Band 8 Pro-nyň ýürek urmasynyň ýygylygyny we ganyň kislorod bilen baýlaşma derejesini kesgitlemäge jogap berýän kämilleşdirilen iki kanally optiki datçigi bar. Bulardan başga-da, sagatlar NFC çibine (golaýdaky gurluşlar bilen maglumatlary paýlaşmak üçin) we GPS kabul edijisine eýe boldy. Sport bilen meşgullanmak üçin treker 150-den gowrak türgenleşik usulyny hödürlär, 5ATM suwdan goraglylyk bolsa basseýnde ýa-da açyk suwda ýüzmäge mümkinçilik berer, ýöne çuňluga gitmek mümkin däldir.
Täze sagatlaryň bahasy 55 dollara barabar.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...