Täze Xiaomi Pad 6 Max planşeti 2 günläp zarýadsyz işläp bilýär

  • 15.08.2023 11:16
  • 5.9k+

Xiaomi 14 dýuým displeýli Pad 6 Max planşetini hödürledi. Öz göwrümi bilen ol, aýratynam, firma klawiaturasyny birikdirseň, noutbugyň ornuny tutup biler. Täze önümiň aýratynlyklary barada kompaniýanyň baş müdiri Leý Szýun jikme-jik gürrüň berdi.

Planşet gurluşy goşmaça zarýad bermezden iki güne çenli ulanmaga mümkinçilik berjek 10 000 mA/s sygymly akkumulýatorda işleýär. 67 Wt çalt zarýad beriş funksiýasy we 33 Wt kuwwatly simsiz ulgam goldawy bar. Mundan başga-da, planşet 50, 20 we 2 Mp kameralara eýe boldy.
Öndürijilige Snapdragon 8+ Gen 1 prosessory jogap berýär. Xiaomi Pad 6 Max birnäçe modifikasiýada elýeterlidir. Iň ýokary wersiýasynda 16 Gb operatiw ýat we 1 Tb içerki ýat göz öňünde tutuldy. Yzky panelde iki modul oturdyldy: esasy – 50 Mp we kömekçi – 2 Mp. Şeýle-de, iki frontal kamera bar: 20 Mp we ýüzi tanamak üçin ToF-sensor.
Xiaomi Pad 6 Max-yň iş stolunda bir wagtyň özünde dört programmany işletmek bolýar. Ekranyň göwrümi Internet torundaky maglumat gözlegini tekst resminamasynda işlemek, wideo tomaşa etmek we elektron poçtanyň täzelenmesi bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Planşetiň bahasy 3799 Hytaý ýuanyndan başlaýar.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...