Ed Şiran bir günlük «Lego» dükanynda işledi

  • 15.08.2023 10:31
  • 13k+

32 ýaşly aýdymçy Ed Şiran birdenkä Minnesota ştatyndaky «Mall of America» söwda merkezindäki «Lego» dükanynda peýda boldy. Aýdymçy «Lego» dükanynyň satyjysynyň lybasyny geýdi we çagalara konstruktor oýunjaklaryny saýlamaga kömek etdi.

Şiran «Instagramdaky» sahypasynda çagalara «Lego» oýunjaklaryny we ýadygärlik ýazgyny paýlaýan wideosyny paýlaşdy, şeýle hem ol käbir muşdaklary bilen surata düşdi.

«Men bärde, Minnesotadaky «Mall of America» söwda merkezinde, meniň egnimde bolsa «Lego-nyň» lybasy. Men «Lego» dükanynda konstruktor oýunjaklary boýunça hünärmen bolup işlärin we «Lego House» aýdymyny aýdaryn» diýip, aýdymçy belledi.

Soňra Ed Şiran söwda merkezinde sahna çykdy we «Lego House» aýdymynyň akustik nusgasyny ýerine ýetirdi.
Dowam edýän «Matematika» atly gezelenç çykyşlarynyň çäklerinde Şiran iň garaşylmadyk ýerlerde peýda bolýar. Geçen aýda ol Çikagonyň «The Wieners Circle» hot-dog dükanynyň satuw bölüminde durdy.
Iýun aýynda Ed Şiran «Phonographic Performance Limited» (PPL) aýdym-saz kompaniýasy tarapyndan 2022-nji ýylda Beýik Britaniýanyň iň meşhur aýdymçysy diýlip yglan edildi.

şu gün 12:08
585

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin dört sany MoonFall dronyny uçurmagy meýilleşdirýär

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin MoonFall taslamasynyň çäginde dronlary ulanmagy göz öňünde tutýar. Bu başlangyç täzelenen Artemis maksatnamasynyň bir bölegi bolup, ony razwedka etmek, ylmy barlaglar......

şu gün 11:20
1k+

35 mln dollar: Renuaryň «Siren gülli zenan» eseri 97 ýyldan soň bäsleşikli söwdada

«Christie’s» bäsleşikli söwda öýi 18-nji maýda Pýer-Ogýust Renuaryň «Siren gülli zenan» («Женщина с сиренью») atly suratyny 25-35 million dollarlyk bahasy bilen satlyga çykarar. Eser 97 ýyldan bäri ilkinji......

şu gün 11:14
974

Aşgabatda Türkmenistanyň we Seýşeller Respublikasynyň DIM-leriniň ýolbaşçylary duşuşdy

29-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurdumyza ilkinji resmi sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri For bilen duşuşygy......

şu gün 11:01
3.2k+

ABŞ-nyň 250 ýyllygy mynasybetli Trampyň portreti şekillendirilen pasportlary çykarmak meýilleşdirilýär

ABŞ-nyň Döwlet departamenti prezident Donald Trampyň suraty şekillendirilen çäkli nusgadaky pasportlary çykarmaga taýýarlanýar. Fox News-yň habar bermegine görä, bu goýberiş ýurduň 250 ýyllygyna gabatlanýar....