Hytaýly startap robot-gumanoidleriň ilkinji köpçülikleýin önümçiligine başlar

  • 14.08.2023 23:43
  • 9.9k+

Hytaýyň Fourier Intelligence startapy 2023-nji ýylyň ahyryna çenli adama meňzeş GR-1 robotlarynyň köpçülikleýin önümçiligini işe girizer. Bu barada South China Morning Post habar berýär diýip, runews24.ru belleýär.

Habar berlişi ýaly, kompaniýa öz önümçiliginden 1000 roboty bazara ibermegi meýilleşdirýär. Fourier-iň ýerine ýetiriji müdiri Aleksa Gu şeýle robotlaryň bir böleginiň emeli intellekti öwrenmek we işläp düzmek bilen meşgullanýan kompaniýalara we uniwersitetlere eýýäm iberilendigini belledi.
Hünärmenleriň nygtamagyna görä, robotlara ýokary intellekt öwredilmez. Olaryň wezipesi birmeňzeş ýa-da howply işleri ýerine ýetirmekden ybarat. Şeýle-de bolsa, robotlara emeli intellektli çat-botlaryň oturdylmagy olaryň adamlar ýaly pikirlenip bilmegine sebäp bolar.
Ýatlap geçsek, Fourier kompaniýasy 2015-nji ýylda esaslandyryldy we ol robototehnikany işläp düzmeklige ýöriteleşýär.
Kompaniýanyň inženerleri robot-gumanoidleri döretmek bilen 2019-njy ýylda meşgullanyp başladylar, ýöne diňe 2022-nji ýylda bu ugurda üstünlik gazanyp bildiler. Şonda olaryň 1,65 m beýiklikdäki roboty ilkinji gezek “aýaga galyp, ýöremegi öwrendi”. 2023-nji ýylyň iýul aýynda sagatda 5 km tizlik bilen hereket etmäge we 50 kg çenli ýüki götermäge ukyply bolan GR-1 Şanhaýda geçirilen emeli intellekt boýunça Bütindünýä konferensiýasynda (WAIC) hödürlendi we ony döredijiler üçin garaşylmadyk üstünlik boldy.


21.06.2026 16:10
3.4k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

17.06.2026 08:18
1.5k+

Aýy penjeli robot-it Arktikanyň buzluklaryny ilkinji gezek üstünlikli geçdi

Hytaýyň awtonom «Lynx S10» robotynyň üýtgedilen nusgasy Demirgazyk Buzly ummanynyň kyn şertlerinde synagdan üstünlikli geçdi. Bu synaglar robot ulgamlarynyň dünýäniň iň howply zolaklarynda polýar......