“Barbi” filminiň prodýuserleri ikinji bölümiň üstünde işleýärler

  • 14.08.2023 23:40
  • 8.3k+

Iýul aýynyň ikinji ýarymynda dünýä kino prokatyna çykan “Barbi” filminiň prodýuserleri rekord girdejiniň esasynda eýýäm ikinji bölümiň üstünde işläp başladylar. Bu barada “The Sun” gazeti habar berýär diýip, TASS belleýär.

“Barbi” filminiň üstünde işlän topar bilen dowamyny surata düşürmek barada maslahatlaşmak üçin habarlaşyldy. Bu pikir heniz irki tapgyrda, şeýle-de bolsa ýolbaşçylar filmiň dowamy üçin birinji bölümi surata düşüren topary işe çekmek isleýärler” – diýip, gazetde bellenilýär.

“The New York Times” gazeti 6-njy awgustda amerikaly režissýor Greta Gerwigiň “Barbi” filminiň prokatda Warner Bros. kompaniýasynyň beýleki filmlerine garanda 1 mlrd dollary çalt gazanyp bilendigini habar berdi. Munuň üçin baş keşpleri Margo Robbi bilen Raýan Goslingiň ýerine ýetirmeginde surata düşürilen filme 17 gün gerek boldy. Öň, rekord şeýle görkezijä 19 günde ýetmegi başaran “Garri Potter we Ölüm peşgeşi: Bölüm II” lentasyna degişlidi.

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....