Ronaldunyň Instagramdaky abunaçylarynyň sany 600 milliona ýetdi. Bu rekord

  • 14.08.2023 23:25
  • 40k+

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň we Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” toparynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu “Instagram” sosial ulgamynyň taryhyna girdi. Futbolçynyň abunaçylarynyň sany dünýäde ilkinji bolup 600 milliondan geçdi.

Portugaliýaly futbolçy sosial ulgamlaryny işjeň ösdürýär. 2022-nji ýylyň noýabr aýynda ol 500 million abunaçyny toplady. Ýakyn wagtda Kriştianunyň nobatdaky rekordy goýmagyna garaşylýar.
Beýleki bir meşhur futbolçy Lionel Messi portugaliýaly oýunçydan ep-esli yzda. Argentinanyň milli ýygyndysynyň we Amerikanyň “Inter Maýami” toparynyň hüjümçisiniň “bary-ýogy” 482 million ulanyjysy bar.
38 ýaşly Ronaldu “Altyn topuň”-yň bäş gezek ýeňijisi. Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde hüjümçi 2016-njy ýylda Ýewropanyň çempiony boldy.


düýn 07:28
6.8k+

Nike Dünýä çempionaty – 2026 üçin gyzykly 6 minutlyk wideofilminde futbol ýyldyzlaryny jemledi

Nike kompaniýasy öňümizdäki 2026-njy ýylyň futbol boýunça Dünýä çempionatyna bagyşlanan «Ssenariýany täzeden ýazmak» («Rip the Script») atly 6 minutlyk täsirli mahabat filmini tanyşdyrdy. Bu wideorolikde......

28.05.2026 19:36
12k+

ABŞ-nyň prokurorlary DÇ-2026-nyň biletleriniň gymmatlamagy boýunça derňew geçirýärler

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi ştatlarynyň baş prokurorlary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň biletleriniň satylmagy bilen baglylykda FIFA-nyň üstünden derňew işini başladylar....

27.05.2026 21:24
7.9k+

DÇ-2026-nyň finalynyň arakesmesinde Madonna, Şakira we BTS çykyş eder

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň final duşuşygynda taryhda ilkinji gezek Halftime Show (arakesme şüweleňi) geçirmegi meýilleşdirýändigini yglan etdi. Şüweleňiň......

22.05.2026 14:33
6.2k+

Hytaý dünýä çempionatyny görkezmek hukugyny FIFA-nyň isläninden 5 esse arzan satyn aldy

Hytaý döwlet teleradiokompaniýasy (CCTV) 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyny ýaýlyma bermek barada Halkara futbol federasiýasy (FIFA) bilen ylalaşyk gazandy. «Hong Kong 01» neşiriniň CCTV-niň......