Serdar Berdimuhamedow Awazada BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekilini kabul etdi

  • 14.08.2023 23:13
  • 9.1k+

Şu gün, 14-nji awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy wezipesine täze bellenen Kaha Imnadzeni kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda dünýäniň strategik sebitleriniň biri bolup durýan Merkezi Aziýanyň häzirki günde depginli ösüşi görkezýändigi bellenildi.
Serdar Berdimuhamedow Sebit Merkeziniň alyp barýan möhüm işiniň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň we giňeldilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup çykyş edýändigini belledi.
Kaha Imnadze ýurdumyz bilen bilelikdäki işiň baý tejribesine hem-de uly mümkinçiliklere esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna öz tarapyndan hemme ýardamy etjekdigine ynandyrdy.


düýn 19:01
1.2k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......