Italiýaly tennisçi Sinner karýerasynda ilkinji gezek “Mastersiň” ýeňijisi boldy

  • 14.08.2023 10:59
  • 3.7k+

Italiýaly Ýannik Sinner Kanadanyň Toronto şäherinde geçirilen “Masters” tennis ýaryşynyň finalynda awstraliýaly Aleks de Minaury utdy. Ýaryşyň baýrak gaznasy 6,6 mln dollara barabar diýip, rsport.ria.ru habar berýär.

Duşuşyk 6:4, 6:1 hasabynda ýaryşda ýedinji belgi bilen ýerleşdirilen 21 ýaşly italiýalynyň peýdasyna tamamlandy. Tennisçiler kortda 1 sagat 29 minut sarp etdiler.
Sinner karýerasynda ilkinji gezek “Masters” ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Öň, ol Maýamide bu ýaryşyň finalyna iki gezek çykypdy. Umuman, bu dünýä reýtinginde sekizinji orny eýeleýän italiýaly üçin Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) sekizinji titulydyr. Bu ýeňşiň netijesinde ol dünýäniň altynjy raketkasy bolar we özüniň iň gowy görkezijisini täzelär. De Minaur ATP reýtinginde 18-nji orny eýeleýär, ol karýerasynda “Mastersiň” finalyna ilkinji gezek çykdy.


18.06.2026 10:24
1.1k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......