«Luna-25» kosmos gämisiniň Aýa 21-nji awgustda gonmagyna garaşylýar

  • 13.08.2023 14:27
  • 5.4k+

Russiýasynyň täze taryhynda Ýeriň tebigy hemrasyna tarap uçuran ilkinji «Luna-25» apparatynyň Aýa 21-nji awgustda gonmagyna garaşylýar. Bu barada Roskosmosyň ýolbaşçysy Ýuriý Borisow habar berdi.

Onuň sözlerine görä, enjamyň bat alyş tapgyry üstünlikli geçdi. "Indi 21-nji awgusta garaşarys, Aýa gonuş ýokary takyklykda bolar diýip umyt edýärin" - diýip, ol ekipažy gutlanda aýtdy.
Borisowyň düşündirmegine görä, 16-njy awgustda enjam Aýyň orbitasyna girmeli. Umuman alanyňda, missiýa bir ýyl üçin niýetlenendir.
«Roskosmosyň» baş müdiri ekipažyň işi yzygiderli we sazlaşykly ýerine ýetirendigini aýtdy.
Polýar Aýynyň ilkinji suratlary, 11-nji awgustda Wostoçnyý kosmodromyndan goýberilen “Luna-25”-iň awtomatiki stansiýasyndan, ol gonan dessine ilkinji sagatlarda iberiler. Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň kosmos gözleg institutynyň ylmy ýolbaşçysy, Aý programmasynyň birinji tapgyrynyň ylmy ýolbaşçysy akademik Lew Zelýonyý bu barada TASS-a habar berdi.
Awtomatik stansiýada birnäçe kamera oturdyldy. Olar gonuşyň wagtyny, Ýeriň tebigy hemrasynyň HDR panoramasyny we tozanyň çöküşini surata alarlar. "Luna-25" öňünden meýilleşdirilen surata düşüriş işini amala aşyrar, şeýle hem Ýerden berlen buýruk boýunça Aýy surata düşürer.


12.05.2026 23:21
6.5k+

Mehiko her aýda 1,5 santimetr ýere çökýär: NASA howply ýagdaýy hasaba aldy

NASA-nyň radiolokasiýa ulgamynyň maglumatlaryna görä, Meksikanyň paýtagty Mehiko şäheri her aýda ortaça 1,5 santimetr ýere çökýär....

12.05.2026 14:59
842

NASA: «Artemis II» missiýasy gyzlary kosmosa uçmaga höweslendirdi

Kristina Kukuň gatnaşmagyndaky «Artemis II» missiýasy dünýä ýüzündäki ähli gyzlar üçin älem giňişligine barýan ýoluň zenanlar üçin hem açykdygy baradaky möhüm habar boldy. Munuň şeýledigi NASA-nyň orbitadaky......

11.05.2026 23:19
4.2k+

Alymlar 13-nji maýda Günüň ýüzünde täze güýçli partlamanyň boljakdygyny duýdurýarlar

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň hünärmenleriniň habar bermegine görä, Günüň ýüzündäki indiki güýçli partlama 13-nji maýda bolup geçer....

09.05.2026 07:34
1.3k+

64 döwlet Aýy özleşdirmek boýunça Artemis ylalaşygyna goşuldy

Aýy öwrenmek we özleşdirmek boýunça halkara başlangyç bolan «Artemis» taslamasyna goşulan ýurtlaryň sany 64-e ýetdi....