14-nji awgustda çykjak Redmi K60 Extreme Edition-yň häsiýetnamalary mälim edildi

  • 13.08.2023 13:54
  • 10k+

«Xiaomi Grup» kompaniýasynyň prezidenti Lu Weýbin Hytaýyň “Weibo” sosial ulgamyndaky sahypasynda 14-nji awgustda tanyşdyryljak «Redmi K60 Extreme Edition» flagman smartfonynyň aýratynlyklaryny paýlaşdy.

«Redmi K60 Extreme Edition-yň» öndürijiligini «MediaTek Dimensity 9200+» çipi we 24 GB çenli operatiw ýat we 1TB sygymly içki ýat üpjün ediler. Mundan başga-da, «Redmi» brendiniň smartfonynda ilkinji gezek IP68 standartyna laýyklykda çyglylyga we tozana garşy gorag ornaşdyrylar.
Şeýle hem «Redmi K60 Extreme Edition-yň» 1,5K durulygy we 144 Gs şekili täzeleýiş ýygylygy bolan OLED ekrany bilen üpjün ediljekdigi bellendi. Ekranda şekiliň hilini ýokarlandyrmak üçin ýörite «PixelWorks X7» çipi ýerleşdiriler.
Weýbiniň bellemegine görä, smartfonda flagman derejesindäki kameralar, ýagny optiki we elektroniki stabilizasiýa bilen 1/1.49 dýuýmlyk «Sony IMX800» sensory ornaşdyrylar. Bu datçik «Xiaomi 13» modelinde hem ulanyldy. «Redmi K60 Extreme Edition-yň» kamerasy «Xiaomi Imaging Brain 2.0» atly şekili gaýtadan işlemek tehnologiýasy bilen hem üpjün ediler.
14-nji awgustda «Redmi K60 Extreme Edition» bilen bilelikde «Xiaomi Mix Fold 3» eplenýän smartfony, «Pad 6 Max» planşeti we «Band 8 Pro» fitnes trekeri tanyşdyrylar.


06.02.2026 09:00
1.3k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.1k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...

16.01.2026 08:10
3.8k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

10.01.2026 10:30
2.9k+

Xiaomi täze Redmi Note 15-iň berkligini göni ýaýlymda synagdan geçirer

Xiaomi kompaniýasy Redmi Note 15 smartfonynyň berkligini subut etmek üçin ony göni ýaýlymda ýörite synaglara sezewar eder. «Titan tough» (Titan berkligi) şygary astynda geçiriljek bu täsin görkeziliş 10-njy ýanwarda Aşgabat wagty bilen sagat 13:00-da X (ozalky Twitter) sosial torunda başlanar...