«PSŽ» Usman Dembeleniň geçendigini habar berdi

  • 12.08.2023 23:40
  • 14k+

Fransuz «PSŽ-sy» resmi çeşmelerinde hüjümçi Usman Dembeleniň öz toparyna geçirilendigini habar berdi.

Öň habar beriş serişdeleri fransuz hüjümçisiniň Parižiň kluby bilen 2028-nji ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşjakdygyny habar beripdiler. “PSŽ” Dembele üçin hüjümçiniň öň oýnan “Barselonasyna” tölegini töledi. Bu transfer parižlilere 50 million ýewro düşdi.
26 ýaşly Dembele “Barselonanyň” düzüminde Ispaniýanyň çempionatynda üç gezek,  ýurduň Kubogynda we Super kubogynda - hersinde iki gezekden ýeňiji boldy.
Dembele geçen möwsümiň ähli ýaryşlarynda «Barselona» üçin 35 gezek çykyş edip, sekiz gol saldy we dokuz gezek netijeli pas berdi.
Ýatlatsak, “Barselona” Dembeläni 2017-nji ýylda Dortmundyň “Borussiýasyndan” 135 million ýewro satyn alypdy.


düýn 19:10
5.4k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.2k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.7k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....