Iki sany türkmen boksçysy GDA oýunlarynda bürünç medal gazandy

  • 12.08.2023 12:43
  • 5.9k+

6-12-nji awgust aralygynda Belarusda geçirilýän GDA ýurtlarynyň II oýunlarynda iki sany türkmen boksçysy — Ylham Nazarow we Yhlas Bagtyýarow bürünç medal gazandylar.

Ylham Nazarow ýarym orta agram derejesinde (71 kg çenli) azerbaýjanly Ziýa Hasanowdan asgyn gelip, finala çykyp bilmedi, oňa derek ol bürünç medal ugrunda ýaryşda netijeli çykyş etdi.
Şol agram derejede bürünç medaly şeýle hem russiýaly Artýom Kostin eýeledi. Final duşuşygy Hasanow bilen Boltaýewiň arasynda geçiriler.
Ýene-de bir türkmen boksçysy Yhlas Bagtyýarow orta agram derejesinde (75 kg çenli) ýarym final tapgyrynda Farhad Şeýdaýewden asgyn geldi. Bagtyýarow bürün medalyň eýesi boldy.
Bu agram derejesinde beýleki bürünç medaly Russiýadan Iwan Rodionow aldy. Altyn medal ugrunda Şeýdaýew bilen Erkinbaýew bäsleşer.
Ähli agram derejeler boýunça final tutluşyklar 11-12-nji awgustda geçirilýär.


22.06.2026 17:52
4.9k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

15.06.2026 15:36
3.4k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......