2023-nji ýylyň “Emmi” baýragynyň gowşuryljak senesi belli boldy

  • 12.08.2023 13:05
  • 3.9k+

Iýul aýynyň ahyrynda kino dünýäsinde möhüm çäre bolan “Emmi 2023-iň” ssenariýaçylaryň we aktýorlaryň iş taşlaýyşlary sebäpli yza süýşürilendigi belli boldy. Şol wagt täze sene kesgitlenmändi, indi Amerikan telewizion akademiýasy bu çäräniň 15-nji ýanwarda geçiriljekdigini habar berýär diýip, championat.com belleýär.

Ýeri gelende aýtsak, bu 2001-nji ýyldan bäri “Emmi” baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň ilkinji gezek yza süýşürilmesidir. Şol wagt çäre 11-nji sentýabrdaky terroristik hereket we ABŞ-nyň goşunynyň Owganystana çozup girmegi sebäpli soňa goýlupdy.
“Emmi 2023” gyş möwsüminde geçirilse-de, baýrak 2022-nji ýylyň iýun aýyndan 2023-nji ýylyň maý aýy aralygynda çykarylan taslamalara berler.
“Emmi” halkara baýragy “Oskaryň” (kino), “Gremminiň” (aýdym-saz) we “Toniniň” (teatr) telewizion ekwiwalenti hasaplanýar. Ilkinji gezek ol 1949-njy ýylyň 25-nji ýanwarynda gowşuryldy, ýöne şonda ýeňijiler diňe Los-Anjelesde ýaýlyma berilýän programmalaryň arasyndan saýlanypdy.

düýn 20:25
5.1k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
6.2k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
4.9k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
2.1k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......