«Al-Hilal» Neýmar üçin 200 million ýewro tölemäge taýyn

  • 12.08.2023 11:37
  • 11k+

Saud Arabystanynyň «Al-Hilal» topary Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» toparyna braziliýaly futbolçy Neýmaryň transferi üçin teklip taýýarlaýar.

Bellenilmegine görä, «Al-Hilal» 31 ýaşly hüjümçi üçin 200 million ýewro tölemäge taýyn. Bu pul mukdary «PSŽ-niň» tölegini we futbolçynyň zähmet hakyny öz içine alýar. Neýmar bilen şertnama üç ýyl möhlete niýetleniler. Futbolçynyň özi Saud Arabystanyna göçmek barada pikirlenmeýär, çünki bu ýerde bolmak onuň ýaşaýyş usulyna ters gelýär.
Neýmar «PSŽ» toparyna 2017-nji ýylda «Barselonadan» rekord 222 million ýewro töleg bilen geçipdi. Onuň parižliler bilen şertnamasy 2025-nji ýylyň iýunyna çenli niýetlenendir. 2022/23-nji möwsümde braziliýaly futbolçy toparyň düzüminde 29 duşuşyga çykdy we 18 pökgi geçirdi.


düýn 19:10
5.4k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.2k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.7k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....