Serdar Berdimuhamedow «Awaza» sport toplumynda bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi

  • 12.08.2023 09:15
  • 17k+

11-nji awgustda zähmet rugsadynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow ir säher bilen Hazaryň kenarynda welosipedli gezelenç etdi hem-de “Awaza” sport toplumynda bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi.

Serdar Berdimuhamedow welosipedli ýörişiň dowamynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň çäklerini synlady.
Welosiped sporty bilen meşgullanmak arterial gan basyşyny durnuklaşdyrmaga, ýürek-damar we beýleki keselleriň döremek howpuny azaltmaga ýardam edýär, energiýa çalşygyny kadalaşdyrýar, kesele garşy durnuklylygy ýokarlandyrýar, ynsanyň uzak wagtlap sagdyn bolmagyny üpjün edýär. Mundan başga-da, welosipedli gezelenç etmek, ýadawlygy aýyrmaga, artyk kaloriýalardan dynmaga mümkinçilik berýär. Umuman, bularyň ählisi adamyň özüni duýşuna, onuň fiziki hem-de psihologik ýagdaýyna oňyn täsir etmek bilen, bedeniň ähli babatda sagdyn bolmagyna ýardam berýär. Şeýle hem welosiped ulagyň ekologik taýdan iň arassa görnüşidir. Munuň özi bolsa ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmek babatda aýratyn ähmiýete eýedir. Daşky gurşawa aýawly garamak şol syýasatyň möhüm ugrudyr.
Soňra döwlet Baştutany “Awaza” sport toplumynda türgenleşik enjamlarynyň birnäçesinde dürli maşklary ýerine ýetirdi.
Ýöriteleşdirilen sport enjamlarynda bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek bedeniň ähli agzalarynyň işjeňligini artdyrýar, gujur-gaýratyňy, ruhubelentligiň ýokarlandyrýar, gan basyşynyň durnuklaşmagyna ýardam edýär. Sport toplumynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertleriň döredilendigini bellemeli. Ol döwrebap sport enjamlary bilen üpjün edildi. Bu ýerde ornaşdyrylan köpugurly trenažýorlar dürli ýaşdaky tejribeli türgenler, şeýle hem höwesjeňler üçin netijeli türgenleşikleri geçirmäge mümkinçilik berýär.


düýn 17:39
1.6k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......