Habib Nurmagomedow futbol taryhyndaky iň gowy oýny aýtdy

  • 11.08.2023 18:23
  • 41k+

UFC-niň öňki çempiony Habib Nurmagomedow taryhda iň gowusy diýip hasaplaýan futbol oýny barada gürrüň berdi. Muny championat.com ýetirýär.

“Bu çagalyk arzuwy hasyl bolan ýalydy. Men 1998-nji ýylyň dünýä çempionatynyň finalyna tomaşa etdim, bu Fransiýa – Braziliýa oýny. Men Ronaldunyň ýanyp durmagyna garaşdym. Men oglanjykdym, 10 ýaşymdadym. 24 ýyl geçdi we men dünýä çempionatynyň finalyna düşdüm.

Hawa, men Russiýada finalda boldum, ýöne ol ýerde doly dominasiýa bardy. Fransiýalylar has güýçli gelýärdi. Örän gyzykly, owadan boldy” – diýip, eks-söweşiji 2018-nji ýylda Russiýada geçirilen dünýä çempionatynyň finalynda bolandygyny we onuň gyzykly bolandygyna garamazdan, başga bir oýny saýlandygyny aýtdy.

“2022-nji ýylda geçirilen Katardaky dünýä çempionatynyň finaly hut şu oýnuň meniň üçin taryhda iň gowy oýundygyny görkezdi. Meniň durmuşymda-da bu tomaşa eden emosional taýdan iň gowy oýnum boldy. Meniň tejribämde ol iň gowy oýun bolup galýar.

Gyzyklandyrma, gyzyklandyrma we şowly soňlama. Onuňky [Messiniňki] hindi filmlerindäki ýa-da türk seriallaryndaky ýaly başa bardy” – diýip, Gorilla Fighting Nurmagomedowyň sözlerini getirýär.
Ýatlap geçsek, 2022-nji ýylda geçirilen dünýä çempionatynyň Argentina bilen Fransiýanyň arasyndaky final oýny esasy we goşmaça wagt boýunça 3:3 hasabynda we penalti boýunça 4:2 hasabynda tamamlandy.


düýn 09:55
3.9k+

«Aston Willa» Unai Emeri bilen ilkinji gezek Ýewropa ligasynyň ýeňijisi boldy

21-nji maýa geçilen gije Ýewropa ligasynyň final duşuşygy boldy we «Aston Willa» topary «Fraýburgy» utmagy başardy. Oýun Türkiýäniň Stambul şäherindäki «Tüpraş» stadionynda geçirildi....

20.05.2026 23:01
6.8k+

Dünýä çempionatynda boljak yssydan howatyr edýän futbolçylar FIFA açyk hat ýazdylar

Dünýäniň dürli ýurtlarynyň futbolçylary Halkara futbol federasiýasyna (FIFA) açyk hat ýollap, ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda oýunçylary aşa yssy howadan goramak......

18.05.2026 21:08
6.6k+

Dani Karwahal 13 ýyldan soň «Real» bilen hoşlaşýar

Çempionlar ligasynyň alty gezek ýeňijisi, ispaniýaly goragçy Dani Karwahal möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Realyndan» gider. Bu barada futbol klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

18.05.2026 00:06
6.5k+

«Benfika» Mourinýu bilen ligadaky möwsümi asla utulman tamamlady, ýöne titul almady

Lissabonyň «Benfika» topary baş tälimçi Žoze Mourinýunyň ýolbaşçylygynda 2025/2026 möwsümini Portugaliýanyň çempionatynda ýekeje gezek hem utulman tamamlady we Ýewropada öz ýurdunda şeýle netije görkezen......