Apple iPhone 15 smartfonyny onlaýn görnüşde hödürlär

  • 11.08.2023 18:31
  • 11k+

Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurman şu ýylyň sentýabr aýynda iPhone 15 smartfonynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň onlaýn görnüşde geçiriljekdigini habar berdi. Oňa tomaşa eder ýaly Apple öz kampusyna birnäçe žurnalisti we blogeri çagyrar, soňra myhmanlara täze modelleri janly görnüşde görkezer diýip, championat.com belleýär.

Ýatlap geçsek, geçen ýyl iPhone 14 smartfonynyň hem anonsy şeýle görnüşde geçirildi. Gurman tanyşdyrylyş dabarasynyň 12-nji sentýabrda geçiriljekdigini, ýöne senäniň üýtgäp biljekdigini hem aýtdy.
Insaýderleriň maglumatlaryna görä, iPhone 15 Pro-nyň bahasy iPhone 14 Pro bilen deňeşdirilende 100 dollar – 999 dollardan 1099 dollara çenli ýokarlanyp biler. iPhone 15 Pro Max bolsa ýene 100 dollar gymmat düşer.
9to5Mac neşiri iPhone 15 üçin deslapky sargytlaryň 15-nji sentýabrda başlamagyna, resmi satuwa goýberişiň bolsa bir hepdeden, 22-nji sentýabrda başlamagyna garaşýar. Takyk maglumatlar tanyşdyrylyş dabarasynda kompaniýa tarapyndan mälim ediler.


düýn 16:33
2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...