MTV VMA 2023 aýdym-saz bäsleşigine dalaşgärler belli boldy

  • 11.08.2023 11:34
  • 8.5k+

Ýakynda geçiriljek MTV Video Music Awards baýragyna dalaşgärler mälim edildi. Billboard neşiriniň ýazmagyna görä, dalaşgärligiň sany boýunça Teýlor Swift öňdebaryjy boldy. 17-nji martdan bäri altynjy «Eras Tour» konsert tury bilen dünýäni aýlanyp ýören aýdymçy, «Ýylyň artisti» we «Ýylyň wideosy» ýaly esasy kategoriýalar bilen birlikde, jemi sekiz kategoriýada baýraga hödürlendi.

Onuň yzyndan alty ugur boýunça baýraga hödürlenen, SZA ady bilen tanalýan amerikaly soul-aýdymçy Solana Imani Roue (geçen güýzde “Time” žurnalynyň “100 Rising Stars” atly aýdymçy kategoriýasynda birinji orny eýeledi) gelýär. Ondan soň Doja Kat, Kim Petras, Maýli Saýrus, Niki Minaž, Oliwiýa Rodrigo we Sem Smit gelýär, bularyň hemmesi bäş ugur boýunça dalaşgär görkezildi. Blackpink k-pop topary, repçi Diddi we Şakiranyň MTV VMA-nyň baýragyny gazanmak üçin dört mümkinçiligi bar.
Ýylyň wideosy ugry boýunça şu ýyl ýedi wideo dalaşgär görkezildi: Doja Kät Attention, Maýli Saýrus - Flowers, Niki Minaž - Super Freaky Girl, Oliwiýa Rodrigo - Vampire, Sem Smit, Kim Petras - Unholy, SZA - Kill Bill we Teýlor Swift - Anti-Hero.
Dalaşgärleriň doly sanawyny görüp, resmi MTV web sahypasynda halaýan aýdymçyňyza ses berip bilersiňiz. Baýrak gowşurylyş dabarasy 12-13-nji sentýabr gijesi, aşgabat wagty bilen sagat 5:00-da başlar.

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....