Täze «Call of Duty-nyň» treýleri paýlaşyldy

  • 11.08.2023 11:19
  • 6.2k+

«Activision Blizzard» «Call of Duty: Modern Warfare 3» atyşykly oýnunyň ilkinji treýlerini paýlaşdy diýip, gazeta.ru habar berýär.

Täze oýunda baş antagonist hökmünde «Gyzyl spesnaz» toparynyň ýolbaşçysy Wladimir Makarow çykyş eder. Oýnuň sýužetine görä, Makarow «Call of Duty-nyň» baş gahrymanlary – «Task Force 141» otrýady bilen gönüden-göni çaknyşykda bolar.
Treýlerde «Modern Warfare» trilogiýasynyň öňki nusgalaryndaky meşhur sahnalaryň üýtgedilip görkezilýär. Wideorolikden çen tutsak, täze oýunda «Modern Warfare 2-däki» wezipeler gaýtdan dikeldiler, emma wakalaryň geçýän ýerleri üýtgediler.
Şeýle hem treýlerde işläp düzüjiler oýnuň adyny «Call of Duty» sözüni ulanman, diňe «Modern Warfare 3» diýip getirýärler. Oýun 17-nji awgustda tanyşdyrylar we 10-njy noýabrda köpçülige ýetiriler. Ol şahsy kompýuterde, «Xbox One», «Xbox Series X/S», «PlayStation 4» we «PlayStation 5» oýun enjamlarynda oýnamak üçin elýeterlidir.

düýn 20:25
5.1k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
6.2k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
4.9k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
2.1k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......