Megan Foks goşgular ýygyndysy neşir etmegi meýilleşdirýär

  • 10.08.2023 12:43
  • 7.9k+

Aktrisa Megan Foks 7-nji noýabrda «Owadan oglanlar zäherli bolýarlar» diýlip atlandyrylýan goşgular ýygyndysyny çykarar diýip, gazeta.ru habar berýär.

Bu «Jenniferiň bedeni» filminiň ýyldyzynyň edebiýat meýdanynda awtor hökmünde ilkinji synanyşygy bolar. Foksuň bu kitabyny çap edýän neşirýat goşgular ýygyndysyna «gorkunç we aýylganç» eser diýip baha berýär.
Täze ýygyndy 80 sany goşgyny öz içine alar. Awtor olary özünde dymmaklyk sebäpli dörän keselden halas bolmak üçin ýazandygyny belleýär. Aktrisa bütin ömrüni erkekleriň syrlaryny saklap geçirendigini, olaryň ýükünden ýaňa bedeniniň agyrýandygyny nygtaýar.
Foks «Owadan oglanlar zäherli bolýarlar» atly goşgular ýygyndysy adamlara bagtlylygyny we özboluşlylygyny yzyna gaýtarmaga ýardam eder diýip umyt edýär.

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....