Ronaldunyň goly «Al-Nasry» finala çykardy

  • 10.08.2023 12:33
  • 16k+

«Al-Nasr» Arap döwletleriniň çempionlarynyň klublarynyň Kubogynda Yragyň «Al-Şortu» toparyndan 1:0 üstün çykdy.

Ýeke-täk goly «Al-Nasr» toparynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu oýnuň 75-nji minudynda penalti urgusy arkaly girizdi. Portugaliýaly futbolçynyň birinji taýmdaky goly ofsaýd sebäpli hasap edilmedi.
«Al-Nasr» çempionatyň finalynda «Al-Hilal» – «Al-Şabab» jübütiniň ýeňijisi bilen duşuşar.


düýn 16:00
2.4k+

FIFA zenanlar ýygyndy toparlaryny tälimçiler düzümine aýal-gyzlary goşmaga borçly etdi

Halkara futbol assosiasiýalarynyň federasiýasy (FIFA) zenanlar toparlaryny tälimçiler düzümine aýal-gyzlary goşmaga borçly etdi. Bu çözgüt guramanyň geňeşiniň mejlisinde kabul edildi we onuň resmi saýtynda ýerleşdirildi...

düýn 14:47
1.8k+

VAR ulgamynyň ýygy-ýygydan goşulmak meselesi sebäpli UEFA sammit geçirer

UEFA Ýewropanyň öňdebaryjy futbol ligalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda VAR ulgamynyň ulanylyşyny maslahatlaşmak üçin tomusky sammiti geçirer. «Bi-bi-si-niň» habar bermegine görä, bu duşuşygyň geçirilmegini guramanyň eminler komitetiniň başlygy Roberto Rozetti öňe sürdi...

düýn 05:29
4.4k+

«Mançester Siti» «Arsenaly» utup, 9-njy gezek Liganyň kubogyny gazandy

«Mançester Siti» Angliýanyň ligasynyň kubogynyň finalynda Londonyň «Arsenal» toparyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi we öz taryhynda dokuzynjy gezek bu kubogyň eýesi boldy. Duşuşyk Londonyň «Wembley» stadionynda geçirildi...

21.03.2026 18:45
5k+

Mehiko köpçülikleýin futbol türgenleşigi boýunça Ginnesiň rekordyny goýdy

Mehiko şäheriniň meşhur Sokalo meýdançasynda taryhda iň uly köpçülikleýin futbol türgenleşigi geçirildi. Oňa 9 500 adam gatnaşdy we bu görkeziji täze dünýä rekordyny goýmaga mümkinçilik berdi. Çäre wagtynda uly meýdança äpet, açyk asmanyň astyndaky türgenleşik meýdançasyna öwrüldi...