Apple jaňy tamamlaýyş düwmesini iOS 17-ä geçirmekçi

  • 10.08.2023 09:15
  • 21k+

Apple korporasiýasy jaňy tamamlaýyş düwmesini ekranyň aşaky üçden bir böleginiň merkezinden iPhone programma üpjünçiliginiň täze wersiýasynda aşaky sag burçuna geçirmekçi. Bu barada CNBC habar berýär.

Ekranyň aşagyndaky merkezde indi FaceTime wideo jaňyna geçmek üçin düwme we paneliň sanlar bilen jaň ediş düwmesi bolar. Korporasiýa dolandyryş elementlerini şeýle ýerleşdirmegiň has oňaýly boljakdygyna ynanýar.
Düwmeleriň täzeçe ýerleşdirilişi sentýabr aýynda, täze iPhone modelleri görkezilenden soň çykjak iOS17 operasiýa ulgamynda peýda bolar. Indi operasiýa ulgamynyň täzelenen wersiýasy synag režiminde gözden geçirilýär. Teleýaýlymyň bellemegine görä, Apple synaga gatnaşýan ulanyjylaryň oňyn däl seslenmeleri bilen ýüzbe-ýüz bolsa, dizaýny üýtgetmekden ýüz öwrüp biler.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...