Andreas Inýesta BAE-niň «Emireýts» klubuna geçdi

  • 08.08.2023 23:57
  • 14k+

Inýesta soňky 5 ýyl bäri «Wissel Kobe» toparynda çykyş edýär. Ispaniýaly futbolçy ýapon toparynyň düzüminde 134 duşuşyga çykyp, 26 pökgi geçirdi we 26 sany netijeli pas berdi. Şu ýylyň iýul aýynda Inýesta bilen toparyň şertnamasynyň möhleti doldy we ol erkin agent hökmünde topardan gitdi diýip, mail.ru habar berýär.

Inýesta karýerasynyň agramly bölegini geçiren «Barselona» toparynda 32 baýraga eýe bolupdy, şol sanda 4 gezek Çempionlar ligasynda ýeňiş gazandy. Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 131duşuşyga çykyp, iki gezek Ýewropanyň we bir gezek dünýäniň çempiony boldy.
«Emireýts» topary Ras-el-Haýma şäherine we emirligine wekilçilik edýär. Geçen möwsümde topar BAE-niň ikinji diwizionynda ikinji orny eýeledi we bir dereje ýokardaky çempionata gatnaşmaga hukuk gazandy.


düýn 16:45
3.8k+

FIFA çabga sebäpli Arap milletleriniň kubogynyň bürünç medalyny birbada iki ýygynda berdi

Saud Arabystanynyň we BAE-niň milli ýygyndylary howa şertleri sebäpli üçünji ýer üçin oýun ýatyrylandan soň Arap milletleriniň kubogynyň bürünç medallaryny özara paýlaşdy. Halkara futbol federasiýasy oýny 0:0 hasabynda tamamlanan diýip hasaplady we baýragy iki topara-da berdi...

04.12.2025 16:29
5.8k+

Türkmen türgenleri dekabr aýynda Abu-Dabidäki «Gran Fondo» ýaryşyna gatnaşarlar

Welotrek boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy 2025-nji ýylyň dekabr aýynda Abu-Dabide geçiriljek Welosport hepdeliginiň çäklerinde «Gran Fondo» weloýaryşyna gatnaşar. Bu barada Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Al-Haý Al Hammadi «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalasynda belleýär...

17.10.2025 18:50
17k+

BAE-niň ýygyndysynyň janköýerleri Katardan utulandan soň meýdança iPhone we awtoulag açarlaryny zyňdylar

Kataryň milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşynyň oýnunda BAE-ni utdy. Hulen Lopeteginiň topary iki gol geçirip, ikinji ýaryma goşulan wagtda bolsa bir goly sypdyryp, 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy...

01.09.2025 14:04
5.7k+

7 ýaşly Kerim Babaýew Abu-Dabide geçen küşt ýaryşynyň kümüş medalyny aldy

Aşgabat şäheriniň 86-njy orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Kerim Babaýew Abu-Dabide geçirilen 31-nji Halkara küşt festiwalynyň kümüş medalyna mynasyp boldy. Ýaryşlar Radisson Blu myhmanhanasynda geçirilip, ol 83 ýurtdan 3000-den gowrak gatnaşyjyny özünde jemledi diýip, Türkmenistanyň Küşt Federasiýasy habar berdi...