iPhone 15 Pro-nyň fleş-ýady 256 GB-dan 2 TB-a çenli bolar

  • 08.08.2023 18:50
  • 20k+

Sentýabr aýynda çykmagyna garaşylýan iPhone 15-iň Pro modelleri 2TB fleş ýat bilen elýeterli bolar.

Bu barada Apple-iň bölek şaýlarynyň hytaýly üpjün edijisine salgylanýan MacRumors habar berýär. MacRumors-yň ýazmagyna görä, maglumatlar azyndan iki dürli çeşme tarapyndan tassyklandy.
Mundan başga-da, iPhone 15 Pro we iPhone 15 Pro Max modelleri esasy wersiýalarynda azyndan 256 GB ýady alar. iPhone 14-iň hatarynda iň kiçi ýadyň 128 Gb-dygyny ýatladýarys.
iPhone 15 Pro we iPhone 15 Pro Max 256GB, 512GB, 1TB we 2TB ýady bolan görnüşlerde elýeterli bolar. Bu Apple-iň şu ýyl iPhone 15 Pro modelleriniň bahalaryny ýokarlandyrjakdygy baradaky myş-myşlaryň nireden gelip çykandygyny düşündirýär.
Ondan öň Bloomberg-iň redaktory Mark Gurman we tehnologiýa boýunça analitik Jeff Pu iPhone 15 Pro-nyň bahasynyň 1100 dollardan, iPhone 15 Pro Max -yň bahasynyň bolsa 1200 dollardan başlap biljekdigini aýdypdy.


düýn 16:33
2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...