Täze Lexus RX 450h+ 2024 hödürlendi

  • 08.08.2023 18:37
  • 24k+

Lexus RX-iň bäşinji nesli geçen ýylyň maý aýynda ilkinji gezek çykdy. Täze model ýylynda kaşaň model, ahyrsoňy, birikdirilýän gibrid güýç gurluşyny alar.

Doly priwodly Lexus RX 450h + geçirilýän NX gibridli PHEV gurnamasyny paýlaşýar, ýagny kapotyň aşagynda iki sany elektrik hereketlendirijisi we litiý-ion batareýa paketi bilen goldanýan 2,5 litrlik içerki dört silindrli benzinli hereketlendiriji bar. Bu sazlaşyk aňrybaş güýji 304 at güýjüne eýe bolup, 6,2 sekuntda 0-dan 96 km/s çenli bat almaga mümkinçilik berýär. Iň ýokary tizlik sagatda 200 km bilen çäklendirilýär we batareýasynyň zarýady 56 km geçmäge ýetýär.
Gibrid krossoweri 120W rozetka üçin 1-nji derejeli zarýad beriş kabeli bilen standart görnüşde enjamlaşdyrylandyr. Iň amatly şertlerde 240W-lyk iň ýokary zarýad toguny ulanyp, RX 450h + gurlan 6,6 kW kuwwatly zarýad berijini ulanyp takmynan 2,5 sagadyň dowamynda doly zarýad berip bolýar.
Täze RX 450h + 21 dýuýmlyk tekerli, daşy sekiz dürli reňkde (Eminent White Pearl, Cloudburst Grey, Iridium, Caviar, Matador Red Mica, Copper Crest, Nori Green Pearl we Nightfall Mica) elýeterli bolar. Onuň adaty enjamlaryna: dört sany gyzdyryjyly we ýelpewaçly kuwwatly oturgyçlar, töwerekleýin yşyklandyryş, gyzdyryjyly rul, panoramaly aýna üçek we 21 dinamikli Mark Levinson premium ses ulgamy ýaly zatlar girýär.
Bahasy 70 080 dollardan başlanýar. Ol 58 750 dollara satylýan 2023-nji ýylyň RX 350h Lýuksyndan ep-esli gymmat çykdy.


düýn 01:38
6.1k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

07.06.2026 19:49
3.1k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......