«Zenit» Azmuny yzyna gaýtarmak üçin gepleşikleri geçirýär

  • 08.08.2023 13:44
  • 10k+

Sankt-Peterburgyň «Zenit» topary Azmunyň transferi üçin Germaniýanyň «Baýer» toparyna 5 mln ýewro teklip etmek isleýär diýip, mail.ru habar berýär.

Ozal nemes toparynyň türkmen gelip çykyşly eýranly futbolçy üçin 10 mln ýewro almagy göz öňünde tutýandygy habar berlipdi. «Transfermarkt» saýty bolsa hüjümçiniň derejesine 12 mln ýewrolyk baha berýär.
28 ýaşly futbolçy «Zenit» toparynyň düzüminde çykyş edýärkä 104 oýunda 62 pökgi geçirdi we 23 sany netijeli pas berdi. «Zenitden» başga-da, Azmun Russiýanyň «Rubin» we «Rostow» toparlarynda çykyş etdi. Ol RPL-de jemi 258 duşuşyga gatnaşdy.
Azmun «Baýeriň» düzümine 2022-nji ýylyň ýanwarynda geçdi. Futbolçynyň nemes topary bilen şertnamasy 2027-nji ýylyň ýazyna çenli niýetlenendir. Hüjümçi Lewerkuzeniň futbol toparynda 44 duşuşyga gatnaşyp, 5 pökgi geçirdi we 5 sany netijeli pas berdi.


düýn 20:28
6.8k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
9.2k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.2k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

19.06.2026 14:17
7k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....