Neýmar «PSŽ-den» «Barselona» geçmek isleýär

  • 08.08.2023 08:33
  • 14k+

Braziliýaly futbolçy«Pari Sen-Žermen» toparyndan gitmek we «Barselona» dolanmak isleýär diýip, gazeta.ru «L'Equipe» neşirine salgylanyp habar berýär.

Çeşmede bellenmegine görä, hüjümçi «PSŽ-niň» prezidenti Nasser Al-Helaýfä tomusky transfer möwsümi ýapylmanka topardan gitmek isleýändigini aýdypdyr. Şeýle hem ol katalon toparyna dolanmak isleýändigini belläpdir.
Täze möwsümiň öňüsyrasyndaky myhmançylyk duşuşyklaryndan soňra Pariže gelen Neýmar we onuň agenti Pini Zahawi topardan gitmek kararyna gelýärler. 31 ýaşly Neýmary maý aýynda öýüniň öňünde janköýerleriň nägilelik çäresi şeýle karara gelmäge mejbur edipdir. Futbolçy özüniň howply ýagdaýa düşüp biljekdigi hakynda oýlanypdyr, çünki şeýle ýagdaý «Barselonada» bolmandy.
Neýmar «PSŽ-niň» düzüminde 2017-nji ýyldan bäri çykyş edip gelýär. geçen möwsümde ol 29 oýunda 18 pökgi geçirdi we 17 sany netijeli pas berdi, emma mart aýynda dabanyndan şikes alandygy sebäpli çykyşlaryny wagtlaýyn bes etmeli boldy.


düýn 19:10
5.4k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.2k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.7k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....