Almaty 2026-njy ýylda GDA ýurtlarynyň sport paýtagty bolar

  • 08.08.2023 08:27
  • 8.4k+

Gazagystanyň Almaty şäheri 2026-njy ýylda GDA ýurtlarynyň sport paýtagty bolar. Muny Russiýa Federasiýasynyň Sport ministriniň orunbasary Alekseý Morozow yglan etdi.

"Geňeşiň mejlisinde biz 2025-nji ýylda Azerbaýjanyň Ganja şäherine, 2026-njy ýylda Gazagystanyň Almaty şäherine "GDA-nyň sport paýtagty" adyny bermek barada biragyzdan karar etdik. 2025-nji ýylda Ganja GDA ýurtlarynyň III oýunlaryny kabul eder, şäher türgenler üçin uly baýramçylyk taýýarlaýar, şonuň üçin Ganjanyň tutuş ýylyň dowamynda Arkalaşygyň sport paýtagty diýen ada eýe bolmagy gaty adalatly. 2026-njy ýylda bu status dünýä we yklymara derejede birnäçe gezek iri sport ýaryşlaryny geçiren Almaty şäherine mynasyp görler" - diýip Morozow belledi.

Ýekşenbe güni Azerbaýjanyň Ýaşlar we sport ministriniň orunbasary Mariana Wasilýewa GDA ýurtlarynyň III oýunlarynyň Azerbaýjanyň Ganja şäherinde geçiriljekdigini aýtdy.
GDA ýurtlarynyň II oýunlary 4-nji awgustdan 14-nji awgust aralygynda Belarusyň 11 şäherinde sportuň 20 görnüşi boýunça geçirilýär.


22.06.2026 22:55
5.4k+

Gazagystan figuralaýyn typmak boýunça iň iri ýaryşlaryň birini geçirmek hukugyny aldy

Astana şäheri taryhda ilkinji gezek figuralaýyn typmak boýunça Dört yklymyň çempionatyny kabul eder. Halkara konkide typyjylaryň birleşiginiň (ISU) beren maglumatyna görä, bu halkara ýaryş 2027-nji ýylyň......

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 23:33
3.4k+

2026-njy ýyldaky göreş boýunça dünýä çempionaty Bahreýnden Astana şäherine geçirildi

Birleşen dünýä göreşi guramasy (UWW) 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynyň Bahreýnden Gazagystanyň Astana şäherine geçirilýändigini yglan etdi. Bu karar Olimpiýa komiteti we Bahreýniň Göreş federasiýasy bilen......

03.04.2026 23:31
2.3k+

Gazagystan ilkinji gezek ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyny kabul eder

2030-njy ýylda Astana şäherinde Ýeňil atletika boýunça ýapyk binalardaky dünýä çempionaty geçiriler. Bu barada Gazagystanyň Ýeňil atletika federasiýasy habar berdi....