«Barbi» filminiň girdeji ýygymy dünýä prokatynda 1 mlrd dollardan geçdi

  • 08.08.2023 08:28
  • 12k+

Baş keşpleri Margo Robbi bilen Raýan Golsingiň ýerine ýetirmeginde Greta Gerwigiň “Barbi” filmi premýeradan 17 gün geçenden soň dünýä prokatynda 1 mlrd dollardan gowrak ýygnady. Bu barada “Variety” habar berýär diýip, interfax.ru belleýär.

Girdeji ýygymynyň 459 mln dollary Demirgazyk Amerikanyň paýyna düşdi, beýleki ýurtlarda film jemi 572 mln dollar gazandy.
Neşiriň maglumatlaryna görä, Gerwig filmi şeýle girdeji gazanan ilkinji zenan režissýor boldy. Bu Warner Bros kompaniýasy üçin hem rekorddyr: öň, onuň hasabynda 1 mlrd dollary çalt ýygnan film 19 günde şeýle görkezijä ýeten “Garri Potter we Ölüm peşgeşi: Bölüm 2-di”.
Öň, habar berlişi ýaly, “Barbi” filmi ABŞ-da we Kanadada ilkinji uikend girdeji ýygymy boýunça 2023-nji ýylyň rekordyny goýdy, film 155 mln dollar gazandy.

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....