Şazada Garri we Megan Markl «Netflix» üçin film surata düşürerler

  • 07.08.2023 16:21
  • 9.2k+

Şazada Garri we Megan Markl «Kölde görüşeris» atly romany surata düşürmek hukugyny aldylar diýip, gazeta.ru «The Sun» gazetine salgylanyp habar berýär.

Karli Forçunyň bu romany maý aýynda çapdan çykdy we iň köp satylan kitaplar boýunça «The New York Times» neşiriniň düzen sanawynda alty hepdäniň dowamynda saklanmagy başardy. Romanyň sýužeti otuz ýaşly zenan söýgi taryhy bilen baglanyşyklydyr. Onda çagalyk döwründen galan ruhy şikesler, psihiki sagdynlyk we çaga dogurmakdan soňky depressiýa beýan edilýär. Waka Kanadada bolup geçýär. Kitapda şazada Garriniň terjimehalyna gabat gelýän pursatlar hem bar.
Bu romany «Netflix-de» ekranlaşdyrmak üçin «Pengiun Random House» neşirýaty bilen hukuklary satyn almak hakyndaky şertnamanyň bahasy 4 mln dollara ýetip biler. Kitap bu jübütde aýratyn täsir galdyrdy, şonuň üçin hem olar ony «Netflix-de» ekranlaşdyrmak üçin saýladylar diýlip, çeşmede bellenilýär.

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....