Beýonse öz konsertinden soň metronyň işlemegi üçin 100 müň dollar töledi

  • 07.08.2023 16:12
  • 18k+

Beýonse Waşingtondaky metronyň işiniň bir sagat uzaldylmagy üçin 100 müň dollar töledi diýip, gazeta.ru habar berýär.

Aýdymçy zenanyň Waşingtondaky konserti howanyň ýaramazlygy sebäpli iki sagat yza süýşürildi. Ol konsert tamamlanandan soňra tomaşaçylarynyň öýlerine metro arkaly baryp bilmekleri üçin metropoliteniň goşmaça bir sagatlyk işiniň tölegini töledi. 100-e golaý metro duralgalary diňe çykalga hökmünde işledi, girelge bolsa «FedExField» stadionynyň ýerleşýän ýeri bolan Morgan bulwarynda işledi.
Häzirki wagtda Beýonse «Renaissance» (Renessans – Gaýtadan döreýiş) atly dünýä boýunça gezelenç çykyşlaryny amala aşyrýar. Bu amerikaly aýdymçy zenanyň dokuzynjy konsert gezelenjidir we ol 1-nji oktýabra çenli dowam eder.

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....