Xiaomi-niň eplenýän smartfonynyň suratlary paýlaşyldy

  • 07.08.2023 12:38
  • 13k+

Sosial ulgamda eplenýän «Xiaomi Mix Fold 3» smartfonynyň ilkinji suratlary paýlaşyldy diýip, gazeta.ru habar berýär.

Suratdan çen tutsak, «Xiaomi Mix Fold 3» smartfonynyň arka gapagy we kamera bolgy dizaýny boýunça özünden öňki nusga meňzeş bolar. Emma onuň kameralarynyň ýerleşişi we şekili tapawutlanyp,  «Xiaomi 13 Pro-ny» ýatladar. Şeýle hem smartfonyň «Leica» kamerasy bilen üpjün ediljekdigi mälimdir.
«Xiaomi Mix Fold 3» smartfonynda 4 kamera ornaşdyrylar: esasy sensorly kamera, ultragiňburçly kamera, periskop we teleobýektiw. Şeýle hem ol «Snapdragon 8 Gen 2» çipi, 67 Wt kuwwatly tiz zarýad beriji we 50 Wt kuwwatly simsiz zarýad beriji bilen üpjün ediler.
«Xiaomi Mix Fold 3» smartfonynyň tanyşdyrylyş dabarasy awgust aýynyň aýaklaryna geçirilmeli, emma heniz anyk senesi mälim edilmedi.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...