Xiaomi 100 dýuýmlyk 4K ekranly arzan telewizoryny tanyşdyrdy

  • 06.08.2023 18:34
  • 8.4k+

«Xiaomi» kompaniýasy 100 dýuýmlyk «Mi TV S Pro 100» telewizoryny tanyşdyrdy. Ol ýokary derejeli şekil we ses aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Mundan başga-da, ol şeýle häsiýetli telewizorlara görä has arzandyr diýip, ITHome portaly habar berýär.

«Mi TV S Pro 100» 144 Gs ýygylykly 4K ekrana eýedir. Ekranyň ýagtylygy 1000 nit-e çenli ýetýär. Şeýle hem telewizor «Dolby Vision» we «Dolby Atmos» formatlarynda görkezip bilýär, «MEMC» we «AMD FreeSync» tehnologiýalaryny goldamagy bolsa wideo oýunlarynda şekiliň has dury hem-de takyk bolmagyny üpjün edýär.
Telewizoryň netijeliligini 4 GB operatiw we 64 GB goşmaça ýady bolan dört ýadroly Cortex-A73 prosessory üpjün edýär. «Mi TV S Pro 100» telewizorynyň Wi-Fi 6 moduly hem-de dürli enjamlary birikdirmek üçin 2.1 we 2.0, USB 2.0 we 3.0 portlary bardyr.
Telewizor häzirlikçe diňe Hytaýda satylýar.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...