Arkadag şäherinde ýaşaýyş jaýlaryndan öýleri satyn almaga karzlary bermegiň Tertibi tassyklanyldy

  • 05.08.2023 18:20
  • 83k+

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň Buýrugy bilen, Türkmenistanyň raýatlaryna Arkadag şäherinde täze gurlan ýaşaýyş jaýlaryndan öýleri gozgalmaýan emläk hökmünde girewe goýup, satyn almaga karzlary bermegiň Tertibi tassyklanyldy. Tertibiň doly görnüşi minjust.gov.tm saýtynda neşir edildi.

Tertip Türkmenistanyň ygtyýarly karz edaralary tarapyndan Türkmenistanyň raýatlaryna Arkadag şäherinde täze gurlan bir öýli ýaşaýyş jaýlary ýa-da köp öýli ýaşaýyş jaýlaryndan öýleri gozgalmaýan emläk hökmünde girewe goýup, satyn almak üçin Raýatlara karzlary bermegiň tertibini düzgünleşdirýär.
Tertibe laýyklykda, Öýleri gozgalmaýan emläk hökmünde girewe goýup, gozgalmaýan emlägi satyn almak üçin karz 30 (otuz) ýyl möhlete berilýär. Karzlar boýunça göterim tölegini ýylda 1 (bir) göterim derejesinde hem-de esasy bergini üzmek boýunça karz şertnamasynyň baglaşylan senesinden 5 (bäş) ýyla çenli ýeňillikli döwür bellenilýär.
Ýeňillikli döwrüň möhletini bäş ýyldan köp möhlete yza süýşürilmäge ýol berilmeýär.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň karz serişdeleriniň hasabyna Bankyň şol bir Raýata şu Tertibiň üçünji böleginde göz öňünde tutulan şertlerde iki gezek karz bermäge hukugy ýokdur.
Öýi satyn alýan Raýat Öýüň bahasynyň 10 (on) göteriminden az bolmadyk möçberini tölän ýagdaýynda, gozgalmaýan emläk üçin karzyň möçberi Öýüň bahasynyň 90 (togsan) göteriminden ýokary bolmadyk möçberde bellenýär.


düýn 11:41
2.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......