Dreýk bir konsertde gazanan girdejisi boýunça rekord goýdy

  • 05.08.2023 17:13
  • 20k+

Kanadaly repçi Dreýk Waşingtonda bir konsertiniň dowamynda 5 mln dollardan gowrak girdeji gazandy we ABŞ-de bir çykyşynda şeýle mukdarda pul gazanmagy başaran ilkinji aýdymçy boldy diýip, gazeta.ru habar berýär.

Çeşmäniň sosial ulgamlara salgylanyp belleýşi ýaly, Dreýk 28-29-njy iýulda Waşingtonaky «Capital One Arena» meýdançasynda her agşam üçin 5,032 mln dollar aldy. Şeýlelikde, ol ABŞ-nyň taryhynda bir konsertde 5 mln dollardan hem gowrak pul gazanan ilkinji repçi boldy.
Konsertiň petekleriniň ortaça bahasy 300 dollara deň boldy, iki konserte jemi 34 müňden gowrak tomaşaçy geldi. Häzirki wagtda Kendrik Lamaryň «The Big Steppers Tour» atly gezelenç konserti 929 müň petek satyp, 110,0 mln dollar gazanydy we taryhda iň köp girdejili hip-hop gezelenç konserti adyna eýedir. Eger Dreýk şeýle depginde dowam etse, onda onuň «It's All A Blur» atly gezelenç konserti bu rekordy täzelär.


29.01.2025 15:14
2.4k+

Bruno Mars aýda 150 million diňleýji toplap, Spotify-yň rekordyny goýdy

Bruno Mars Spotify-niň taryhynda aýda 150 million diňleýjä ýeten ilkinji sazanda boldy. Aýdymçy bu üstünlige soňky döwürde ýekelikdäki çykyşlaryny seýrek goýberýändigine garamazdan ýetdi diýip, Variety neşiri belleýär...

22.03.2024 23:33
14k+

Ariana Grandeniň 98 ýaşly enesi Billboard çartynyň rekordyny täzeledi

98 ýaşly aýdymçy we Ariana Grandeniň enesi Marjori Grande Billboard Hot 100 çartyna giren iň garry adam boldy. Meşhur agtygy tarapyndan çykarylan täze «Ordinary Things» aýdymy çartda 55-nji ýerde ýerleşdi. Marjori...

23.02.2024 17:42
4.6k+

Teýlor Swift 2023-nji ýylyň iň köp satylan aýdym-saz ýerine ýetirijisi boldy

Amerikaly aýdymçy Teýlor Swift yzygider ikinji ýyl iň köp satylan aýdym-saz ýerine ýetirijisi boldy. Bu barada Halkara ses ýazgysy federasiýasynyň (IFPI) 2023-nji ýyl üçin hasabatyna salgylanyp, TASS habar berýär...

14.12.2023 09:30
9.1k+

Teýlor Swiftiň konsert syýahaty iň girdejili hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Teýlor Swiftiň “The Eras Tour” dünýä syýahaty girdeji ýygymy boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada Guinness World Records saýtyna salgylanyp, gazeta.ru habar berýär. Syýahat 1 mlrd dollar girdejiden...