iPhone 15 smartfonynyň tanyşdyrylyşy 13-nji sentýabrda geçirilip bilner

  • 05.08.2023 15:57
  • 17k+

ABŞ-da birbada birnäçe aragatnaşyk operatorlary öz işgärlerine 13-nji sentýabrda nähilidir bir smartfonyň anons ediljekdigi barada habar berdiler we şunuň bilen baglylykda olara şol gün rugsat almazlygy haýyş etdiler. Gürrüňiň iPhone 15 barada gidýän bolmagy ähtimal diýip, rg.ru belleýär.

9to5mac portalynyň maglumatlaryna görä, täze gajetiň tanyşdyrylyş dabarasy, hakykatdanam, 13-nji sentýabrda geçirilse, deslapky sargytlary eýýäm 15-nji sentýabrda resmileşdirmek bolar, resmi satuwa bolsa gurluş 22-nji sentýabrda çykarylar.
Bellenilişi ýaly, iPhone 15 birneme egri gyralary we ekranyň has inçe çarçuwalary bilen çykar. Mundan başga-da, bu hataryň ähli modelleriniň Face ID we Dynamic Island kamerasy üçin täzelenen ýer bilen üpjün ediljekdigi, şeýle-de Lightning-iň deregine USB-C aljakdygy bellidir.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...