Stiw Jobsyň ogly rak keselinden derman serişdesini gözlemek üçin wençur firmasyny işe girizýär

  • 05.08.2023 15:56
  • 22k+

Apple kompaniýasyny esaslandyryjy Stiw Jobsyň ogly Rid Jobs kakasynyň ölümine sebäp bolan rak keselini bejermegiň täze usullaryny maliýeleşdirmek üçin wençur firmasynyň döredilýändigini mälim etdi. Bu barada forbes.kz habar berýär.

Yosemite adyny alan bu firma merhum Stiw Jobsyň aýaly Loren Pauell Jobs tarapyndan esaslandyrylan Emerson Collective maýa goýum, sosial we haýyr-sahawat kompaniýasynyň bölümçesi boldy. The New York Times-iň belleýşi ýaly, Yosemite firmasy öz adyny Stiw bilen Loreniň durmuş guran ýeri bolan Kaliforniýa ştatyndaky Sýerra-Newada daglarynda ýerleşýän Ýosemite milli seýilgähinden alypdyr. Forbes USA-nyň maglumatlaryna görä, Jobsyň wençur firmasy eýýäm maýadarlardan 200 mln dollar çekdi, olaryň arasynda milliarder Jon Dorr, Sloan-Kettering adyndaky Memorial onkologiýa merkezi, Rokfeller uniwersiteti we Massaçusets tehnologiýa instituty bar.
Ýatlap geçsek, Stiw Jobs 2011-nji ýylda 56 ýaşynda aşgazanasty mäziniň rak keselinden aradan çykdy. Loren Pauell Jobs Emerson Collective kompaniýasyny 2004-nji ýylda esaslandyrdy. Adamsy aradan çykandan soň, ol kompaniýa ýoldaşyndan miras galan Apple-iň we Disney-iň milliard dollarlyk paýnamalarynyň bir bölegini maýa goýdy. 31 ýaşly Rid Jobs Emerson Collective-de saglygy goraýyş meseleleri boýunça dolandyryjy müdir bolup işleýär. Öň, ol onkolog bolmak üçin taýýarlaýjy lukmançylyk mekdebinde okady, ýöne kakasy aradan çykandan soň okuwyny taşlap, hünärini taryha üýtgetdi.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...