“Barbi” we “Oppengeýmer” AMC-e rekord girdeji getirdi

  • 04.08.2023 16:44
  • 13k+

Dünýäde iň uly kinoteatrlar ulgamynyň operatory AMC Entertainment 103 ýyllyk taryhynyň dowamynda petek satuwyndan iň ýokary hepdelik girdejini gazandy. Bu barada kompaniýanyň metbugat relizine salgylanyp, Interfaks-Kazahstan habar berýär. Muny kapital.kz ýetirýär.

Rekord AMC-niň hem Amerikadaky, hem dünýädäki kinoteatrlarynda goýuldy. Görkezijileriň derejesi mälim edilmeýär.
Girdeji ýygymlarynyň esasy draýweri “Barbi” we “Oppengeýmer” filmleri boldy diýip, kompaniýa belleýär. 27-30-njy iýul uikendi girdeji ýygymy bir ýyl ozalky görkezijiden iki esseden hem ýokary boldy.
Şol bir wagtyň özünde ABŞ-daky 65 kinoteatr, şol sanda Uly Los-Anjelesiň bazaryndaky 13 kinoteatr petek satuwyndan gazanylan girdeji boýunça hepdelik rekordlaryny täzelediler.
Öz gezeginde, 20-23-nji iýul uikendi AMC üçin koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylda ýapylan kinoteatrlary işläp başlanyndan bäri iň gowy uikend boldy.

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....