Dembele «Barselonany» terk edýär

  • 04.08.2023 12:23
  • 11k+

Ispaniýanyň «Barselona» toparynyň baş tälimçisi Hawi fransuz hüjümçi Usman Dembeläniň Parižiň «Pari Sen-Žermen» futbol toparyna geçýändigini aýtdy.

«Dembele meniň ýanyma geldi we gitmek isleýändigini aýtdy. Oňa «PSŽ-den» biziň bäsleşip bilmejek derejämizde teklip gelipdir» diýip, Hawi «Barselonanyň» resmi Twitter sahypasynda ýazgy paýlaşdy.

Dembele «Barselona» 2017-nji ýylyň tomsunda Dortmundyň «Borussiýa» toparyndan 105 million ýewro töleg bilen geçdi. Ol ispan toparynyň düzüminde 185 duşuşyga gatnaşyp, 40 pökgi geçirdi we 43 netijeli pas berdi. Şeýle hem topar bilen üç gezek Ispaniýanyň çempiony, iki gezek ýurduň Kubogynyň we Superkubogynyň eýesi boldy.
Çeşmede «PSŽ» toparynyň 26 ýaşly futbolçy bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşandygy bellenilýär.


düýn 19:10
5.5k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.3k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.7k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....