Öýkeniň işini gowulandyrýan önümler aýdyldy

  • 03.08.2023 13:33
  • 20k+

Ýagly kislotalar öýkeniň sagdynlygyny saklamaga ukyplydyr. Alymlar uly gözlegleriň dowamynda şeýle netijä geldiler.

Synagyň birinji böleginde 15 müňden gowrak adamyň maglumatlary seljerildi. Dürli jyns toparlaryna degişi gatnaşyjylar sagdyndylar. Synaga gatnaşýanlaryň ortaça ýaşy 56 ýaş. Synagdan soň, professorlar gandaky Omega-3-iň derejesi has ýokary bolan adamlaryň öýkeniniň işleýşiniň beýlekilerden has gowudygyny anykladylar.
Ikinji tapgyrda, ýag kislotasynyň derejesini kesgitlemek üçin 500 müňden gowrak adamyň ganyndan genetiki markerler ýygnaldy. Soňra olar synaga gatnaşyjylaryň öýkeniniň sagdynlyk ýagdaýy bilen deňeşdirildi. Netijeler oňyn täsiri tassyklady.
Balyk Omega-3-iň esasy çeşmelerinden biridir, ýöne bu maddany ösümlik çeşmelerinden, ýagny  hozdan, çianyň tohumyndan we zygyrdan alyp bilersiňiz.


15.06.2026 12:32
5.6k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......